ÝUNESKO-nyň gynandyryjy habarnamasy çap edildi

Uruşlar sebäpli ýaşlardan we çagalardan 34 milliony bilimden mahrum

324914
ÝUNESKO-nyň gynandyryjy habarnamasy çap edildi

BMG-niň Ylym, bilim we medeniýet düzümi ÝUNESKO çap eden habarnamasynda bililim almakdan mahrum 34 million çaganyň we ýaşlaryň sowatly bolmagy üçin 2,3 milliard dollaryň gerekdigi nygtalýar
ÝUNESKO-nyň habarnamasynda geçen ýylyň görkezijilerine görä uruşyň dowam edýän sebitlerine berilen ynsanperwer kömeginiň 2 göteriminiň bilim üçin sarp edilendigi, şol paý 4 göterime ýetirilen halatynda bilim alyp bilmeýänleriň sanynyň ýarym esse azalyp biljekdigi bellenilýär.
Çaknyşyklaryň başdan geçirilýän ýerlerinde bilim üçin berilýän kömekleriň adalatsyz paýlanylýandygynyň anyklanandygyna üns çekilýän habarnamada, 2000-2014-nji ýyllaryň aralygynda 342 ýerden kömek çagyryşynyň berilendigine garamazdan, şonuň 15 sanysyna jogap berilendigi nygtalýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar