Obama musulmanlary Remezan aýynyň başlamagy bilen gutlady

“Aýalym we men ABŞ-da we dünýäde Remezan aýynda agyz bekleýän ähli musulmanlara iň gowy arzuwlarymy ýetirmek isleýärin”

308822
Obama musulmanlary Remezan aýynyň başlamagy bilen gutlady

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama Remezan aýynyň başlamagy mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.
Obama ýüzlenmesinde “Aýalym we men ABŞ-da we dünýäde Remezan aýynda agyz bekleýän ähli musulmanlara iň gowy arzuwlarymy ýetirmek isleýärin”diýdi.
Remezanyň maşgalalary we jemgyýetleri agyzaçar we ybadat etmek üçin bir ýerde duşuşdyrýandygyny aýdan Obama, munyň şol bir wagtda musulman halklaryň we medeniýetleriň baýlygyny we tapawutly urp adatlaryny görkezýändigini nygtady.
Obama “Remezan aýy, ynanjy güýçlendirmegiň, merhemet etmegiň, bagyşlamagyň we kynçylyklara garşy sabyrly bolmagyň aýydyr. Şol bir wagtda söweş, açlyk, ýoksullyk we hassalyk sebäpli ýitgi çekýänlere ýardam eliniň uzadylýan aýydyr” diýip belledi.
Prezident Obama “Musulman amerikalylar üçin her ýyl bolşy ýaly şu ýyl hem Ak Tamda agyzaçar bermek üçin sabyrsyzlanýaryn” diýdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar