Ysraýylly esgerler 1 palestinalyny öldürdi

Günbatar Şerianyň Kefer Malik sebitinde ysraýylly esgerler bilen palestinaly ýaş oglanlaryň arasynda dartgynlyk ýüze çykdy

303759
Ysraýylly esgerler 1 palestinalyny öldürdi

Wakada ysraýylly esgerler hakyky oklary we gözüňi ýaşardýan gazlary ulandy.

Wakada 1 palestinaly ýaş oglan ýogaldy, onlarça adam ýaralandy.

Ysraýylly esgerleriň ulag bilen üstünden geçen palestinalynyň bolsa ýagdaýy agyr.

Ysraýylyň Ýaragly güýçleri Günbatar Şeriada we Gündogar Iýerusalimde dürli-dürli bahanalar bilen ýygy-ýygydan palestinalylaryň öýlerine girip olary tussag edýärler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar