Müsürde parahatçylyk güýjüne hüjüm guraldy

BMG-nyň parahatçylyk güýji tarapyndan ulanylýan harby howa menziline roketa hüjümini guraldy

299287
Müsürde parahatçylyk güýjüne hüjüm guraldy

Müsürde terror guramasy DAIŞ-iň bir bölegi hasaplanylýan Sina goly, BMG-nyň parahatçylyk güýji tarapyndan ulanylýan harby howa menziline roketa hüjümini gurady.
Hüjümde ölen ýada ýaralanan bolmady.
DAIŞ-iň Sina goly polisiň bir zenany tussag edendigi sebäpli şeýle hüjümiň guralandygyny habar berdi.
BMG-nyň parahatçylyk güýji Müsür bilen Ysraýylyň arasynda 1979-njy ýylda baglaşylan parahatçylyk şertnamasyndan bäri Sina Ýarym adasynda iş alyp barýar.
Sin Ýarym adasynda iş alyp barýan Ensary Beýtil Makdis atly gurama geçen ýyl terror guramasyna tabynlygyny beýan edip özüni guramanyň Sina goly hökmünde yglan edipdi.
Gurama geçen aý ýurduň agdarlan Prezidenti Muhammed Mursa ölüm jezasynyň berilmegi sebäpli Müsürdäki adalat binalaryna hüjüm etmek bilen hemle atypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar