"Eýranyň Siriýa 7 müň esger ugrandygy öňe sürülýär"

Eýranyň Siriýada esgerleriniň bardygy hakynda öňe sürülýän habarlar hakykaty beýan etmeýär

300073
"Eýranyň Siriýa 7 müň esger ugrandygy öňe sürülýär"

Siriýaly oppozision toparlardan Jeýsül Yslam, Adalat ministri Nejm Hamid Al Ahmedi zamun alandygyny we öldürendigini öňe sürdi.
Siriýaly telewideniýe kanaly bolsa habarlaryň nädogrydygyny we Adalat ministriniň wezipesini dowam etdirýändigini we telewideniýede çykyş etjekdigini habar berdi.
Al Manar telewideniýesi hem ministr bilen söhbetdeşlik geçirendigini mälim etdi.
Beýleki tarapdan Eýran Siriýada esgerleriniň bardygy hakynda öňe sürülýän habarlaryň hakykaty beýan etmeýändigini aýan etdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi “Siriýada Eýranly esger ýok. Siriýanyň hökümeti we halky özüni gorap biljek güýje eýedir” diýip beýanat berdi.
Käbir çeşmeler tarapyndan Eýranyň Siriýa 7 müň esger ugrandygy we şol sany 10 müňe ýetirmegi meýilleşdirýändigini öňe sürýär.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar