DAIŞ-e garşy guralan operasiýalarda 72 terrorçy öldürildi

Terror guramasy DAIŞ-e garşy katýuşa roketalary bilen hüjüm guraldy

294267
DAIŞ-e garşy guralan operasiýalarda 72 terrorçy öldürildi

Yragyň Al Anbar şäherinde terror guramasy DAIŞ-e garşy guralan operasiýalarda 72 terrorçy öldürildi.
Al Anbar şäheriniň Hadise etrabynda DAIŞ-e degişli 10 harby ulaglyk kerweniň etraba girmäge synanşandygy nygtaldy.
Hyzmatdaş güýçleriniň kerwene garşy guran hüjüminde 57 terrorçynyň öldürlendigi we sowutly ulaglarynyň hatardan çykarlandygy bellenildi.
Ramadi şäheriniň gündogarynda ýerleşýän Jisrus Sadikiýýe etrabynda bolan çaknyşykda hem DAIŞ-e agza 15 terrorçynyň öldürlendigi habar berildi.
Siriýada bolsa Damask frontyna tabynlykdaky oppozisionerler Halap şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän Mari etrabynda terror guramasy DAIŞ-e garşy katýuşa roketalary bilen hüjüm gurady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar