Ukrainada ýaragly çaknyşyklar dowam edýär

Soňky çankyşyklarda iki tarapdan jemi 9 adam ýogaldy

292872
Ukrainada ýaragly çaknyşyklar dowam edýär

Ukrainanyň gündogarynda iki tarapyň fewral aýynda Minskde gazanylan ylalayşga garamazdan ýaragly çaknyşyklar dowam edýär.

Ukraina Donetskiň golaýyndaky Marinkada bolan çaknyşykda 5 ukrain esgeriniň ýogalandygyny, 39 esgeriň ýaralanandygyny habar berdi.

Russiýa tarapdarlary bolsa 4-i asuda ilatdan bolan 19 adamyň ýogalandygyny mälim etdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ukrainanyň ýolbaşçylarynyň Minsk ylalaşygyny howp astyna salýandygyny beýan etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar