Saud Arabystanynda ýene-de metjide hüjüm guraldy

Hüjümde 4 adam ýogaldy

296778
Saud Arabystanynda ýene-de metjide hüjüm guraldy

Saud Arabystanynyň Dammam welaýatynda şaýylaryň barýan metjidiniň golaýynda partlama boldy.

Şaýatlar tarapyndan berilen beýanata görä hüjüm kamikaze hüjümidi, käbir çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä bolsa hüjüm bomba ýüklenen ulag bilen guraldy.

Görenler hüjümde ýogalanlaryň biriniň hüjümçiniň metjide golaýlaşmagynyň öňüni aljak bolanda ýogalandygyny aýdýarlar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar