GGÝewropa hyzmatdaşlyk etabynyň maslahaty Albaniýada geçirilýär

Maslahata Türkiýäniň adyndan Wise-premýer Ali Babajan gatnaşýar

290144
GGÝewropa hyzmatdaşlyk etabynyň  maslahaty Albaniýada geçirilýär

Günorta-gündogar Ýewropa hyzmatdaşlyk etabynyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahaty Albaniýada öz işine başlady.
Paýtagt Tiranda geçirilýän maslahata Türkiýäniň adyndan Wise-premýer Ali Babajan gatnaşýar.
Albaniýanyň Prezidenti Buýar Nişany maslahatyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda başdan geçirlen kynçylyklara garamazdan Albaniýanyň Günorta-gündogar Ýewropa hyzmatdaşlyk etabynyň döwürleýin ýolbaşçylygy döwründe netijeli işleriň durmuşa geçirlendigini aýtdy.
Prezident Nişany Albaniýanyň döwürleýin ýolbaşçylygy döwründe esasan hem guramaçylykly jenaýatlara garşy göreş, adalat we howpsyzlyk ýaly ugurlara uly ähmiýet berendiklerini belledi.
Günorta-gündogar Ýewropa hyzmatdaşlyk etabynyň esaslandyryjy agzalaryndan biri bolan Türkiýe 1998-1999-njy we 2009-2010-njy ýyllarda guramanyň döwürleýin ýolbaşçylygyny ýerine ýetirdi.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar