Owganystanda bomba partlady

Partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 6 adam ýogaldy

281002
Owganystanda bomba partlady

Owganystanyň paýtagty Kabulda Adalat ministrliginiň binasynyň awtoduralgasynda bolan partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 6 adam ýogaldy.

Hüjümiň jogapkärçiligini Taliban öz üstüne aldy.

Ulaga ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde onlarça adam hem ýaralandy.

Partlama sebäpli howpsyzlyk çäreleri görüldi.

Wakanyň bolan ýerine köp sanda polis işgäri ugradyldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar