NATO-nyň maslahaty öz işini tamamlady

Maslahatdan soň Baş sekretar Stoltenberg metbugata beýanat berdi

275053
NATO-nyň maslahaty öz işini tamamlady

NATO-nyň Daşary işler ministrleriniň maslahaty öz işini tamamlady.
2 gün dowam eden maslahatdan soň Baş sekretar Stoltenberg metbugata beýanat berdi.
Stoltenrg günortadaky howplar sebäpli täze howpsyz zolagyň dörediljekdigini we şol zolagyň merkezinde Türkiýäniň esasy orun eýelejekdigini nygtady.
Türkiýe NATO agza 6 ýurt bilen birlikde günortadaky harby güýçleriň ýolbaşçylygyny ýerine ýetirer.
NATO bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlyga hem ünsi çeken Baş sekretar Ortaýer deňzi sebitindäki bosgun krizisi meselesi barada durup geçdi.
Gazanylan ylalaşyga laýyklykda ÝB Ortaýer deňzi sebitinde operasiýa gurar we şol operasiýa BMG bilen birlikde NATO hem goldaw berer.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar