USKMO: "Wakalar alymlar we taryhçylar tarapyndan seljerilmeli"

ABŞ-daky Musulman guramalarynyň geňeşi USKMO 1915-nji ýyldaky wakalaryň alymlar we taryhçylar tarapyndan derňelmelidigini beýan etdi

242688
USKMO: "Wakalar alymlar we taryhçylar tarapyndan seljerilmeli"

USKMO 1915-nji ýyldaky wakalaryň bolan güni hökmünde kabul edilen 24-nji apreliň öň ýanynda ýazmaça beýanat berdi.
USKMO 1915-nji ýyldaky wakalar barasynda garaşsyz taryhçylar tarapyndan degişli seljermeler geçirilmän berilen beýanatlaryň mesele bilen bagly adalatly netijäniň ýüze çykarylmagyna zeper ýetirjekdigini, türkler bilen ermenileriň arasynda ylalaşyk gazanylmagy ugrundaky tagallalara-da zarba urjakdygyny nygtady.
Beýanatda 1915-nji ýyldaky wakalaryň taryhçylaryň we alymlaryň şol döwre degişli arhiwler hem-de resminamalar arkaly gazanyljak ylalaşyga bagly bolmalydygyna üns çekilýär.
Geňeşiň beýanatynda: “24-nji aprele sanalgyja gün galanda ermenileriň başdan geçiren gam-gussalaryna duýgudaşlyk bildirýäris. Şonuň bilen birlikde 1915-nji ýyldaky wakalar barasynda dini ýa-da syýasy liderleriň beýanatlary deňagramly, parasatly bolmaly we şol bir wagtda-da türkleriň we musulmanlaryň gam-gussalary hem ýatdan çykarylmaly däl” diýilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar