Braziliýada ýolagçy awtobusy heläkçilige uçrady

Awtobus heläkçiliginde 51 adam ýogaldy, 10 adam ýaralandy

264437
Braziliýada ýolagçy awtobusy heläkçilige uçrady

Ýurduň günortasyndaky Santa Karina welaýatynda syýahytçylary alyp barýan awtobus 400 metr beýiklikdäki gaýadan aşak gaçdy. Wakada 51 adam ýogaldy, 10 adam bolsa ýaralandy.

Heläkçilikde ýaralananlaryň ýagdaýynyň agyrlygy sebäpli ölenleriň sanynyň köpelmegine alada bildirilýär.

Waka awtobusyň tormozynyň işlemänligi sebäpli ýüze çykandyr diýlip çaklanylýar.

400 metr belentlikdäki gaýadan aşak gaçan awtobusdaky syýahatçylaryň haýsy ýurduň raýatlarydygy entek habar berilmedi.

Ulag heläkçiligi köp bolan Braziliýada, 2012-nji ýylda 45 müň, 2013-nji ýylda bolsa 41 müň adam ýol heläkçiliginde ýogaldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar