Kerri Şteinmeier bilen duşuşdy

Duşuşykda Eýran we Ukraina meselesi gün tertibine getirildi

259875
 Kerri Şteinmeier bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Germaniýanyň Daşary işler ministri Frank Walter Şteinmeier bilen duşuşdy.
Waşingtonda bolan duşuşykda Eýran we Ukraina meselesi gün tertibine getirildi.
Jon Kerri Eýran bilen BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň hemişelik 5 agzasy we Germaniýanyň arasynda geçirilýän ýadro gepleşiklerinde taraplaryň arasyndaky düşnüşmezligi çözmegi maksat edinýändiklerini nygtady.
Kerri bu etapda Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmajakdygy barada kepilnama bermelidigini belledi.
Şteinmeier hem ylalaşykly tutum alyp barmagy barada Eýrana çagyryş berdi.
Ukraina meselesi barada hem durup geçen Jon Kerri Ukrainada henizem uly kynçylygyň başdan geçirilýändigini aýtdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar