Amerikaly senatorlaryň Eýrana ýazan haty

ABŞ-da Respublikan partiýanyň 47 senatorynyň eýranly ýolbaşçylara ugradan hatyna uly reaksiýa görkezildi

255874
Amerikaly senatorlaryň Eýrana ýazan haty

Senatorlar, Kongres tarapyndan tassyklanmadyk ýadro ylalaşygynyň möhletiniň Prezident Barak Obamanyň iş möhleti bilen çäkli boljakdygy barada nygtalýan hatda: “İndiki Prezident şeýle ylalaşygy dessine bes edip biler we geljekki kanun çykaryş ýyllarynda-da Kongres islän halatynda ylalaşygyň şertlerini özgerdip biler” diýilýär.
Amerikan Kongresinde esasanda Respublikaçylar Eýran bilen ýadro hepleşiklerinde gazanyljak haýsydyr bir ylalaşygyň Kongresde tassyklanmagyny isleýär we şeýle şertiň goýulmagy barada barada kanun taslamasyny hem taýarlaýarlar.
Hat Amerikanyň syýasy töwereklerinde Respublikaçylar bilen eýranly konserwatorlaryň “täsin hyzmatdaşlygy” hökmünde häsýetlendirildi.
Obamanyň ýolbaşçylygyndaky hökümet we Demokratlar Respublikan partiýadan 54 senatordan 47 sanysynyň gol goýan hatyny berk tankyt etdi.
Prezident Obama hata gol goýanlaryň eýranly konserwatorlar bilen umumy maksada gulluk etmek islemegini “ironiki” hökmünde häsýetlendirdi.
Eýran bilen ähli ylalaşyklara garşy durýan toparyň bardygyny ýatladan Obama, häzirki wagtda şeýle ylalaşygyň gazanylyp-gazanylmajakdygyna gönükmelidigine ünsi çekdi.
Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Jaş Ernest bolsa hatyň Amerikan hökümetiniň daşary syýasatyna we milli howpsyzlygyna zyýan ýetirmegi nazarda tutýan strategiýadygyny aýtdy.
Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Jon Pisaki bolsa hatyň “syýasy abraý gazanmak” maksady bilen ýazylandygyny öňe sürdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar