Eýran bilen ýadro gepleşiklerinde käbir öňe gidişlikler edildi

Kerri bilend Zarifiň arasynda geçirlen ýadro gepleşikleri tamamlandy

248907
Eýran bilen ýadro gepleşiklerinde käbir öňe gidişlikler edildi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri bilen Eýranyň Daşary işler ministri Jewad Zarifiň arasynda Şweýsariýada geçirlen ýadro gepleşikleri tamamlandy.
Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahunyň Amerikan kongresinde eden çykyşynda berk garşylyk görkezen gepleşiklerinden soň beýanat beren Kerri “Eýran bilen ýadro gepleşiklerinde käbir öňe gidişlikler edildi” diýdi.
Gepleşikler onyň netije beren halatynda Eýranyň ýadro meýilnamasynyň parahatçylykly maksatly bolmaga dowam etjekdigini aýdan Kerri ýadro gepleşikleri hakynda “Hiç kim Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň öňüni almak üçin has amatly we yzygiderli alternatiw hödürlemedi” diýip belledi.
Üç gün dowam eden gepleşiklere Kerri we Zarif bilen birlikde ABŞ-nyň Energetika ministri Ernest Monis, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasarynyň wekili Wendi Şerman, Eýranyň Atom energiýasy gullugynyň başlygy Ali Akber Salihi bilen Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary we Eýranyň adyndan ýadro gepleşiklerini alyp barjysy Abbas Arakçy hem gatnaşdy.
Eýran bilen BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň hemişelik 5 agzasy ABŞ-nyň, Russiýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Britaniýanyň we Germaniýanyň arasynda geçirilýän ýadro gepleşikleriniň 15-nji martda ýene-de Şweýsariýada geçirilmegine garaşylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar