YSYS täze ýerleri basyp almaga dowam edýär

YSYS terror guramasy Yragyň Al-Bagdadi etrapçasynyň gözegçiligini ele geçirdi

218618
YSYS täze ýerleri basyp almaga dowam edýär

YSYS terror guramasy, etrapçanyň golaýynda ýerleşýän Yrakly esgerlere harby taýdan tälim berýän Amerikanyň harby bazasyny hem ele geçirmek üçin hüjüm gurady. Hüjümde terrorçylar yzyna serpikdirildi.
Yragyň Anbar welaýatynda ýerleşýn Al-Bagdadi etrapçasy YSYS terror guramasy tarapyndan gözegçiligini ele geçirdi.
Al-Bagdadi etrapçasy ýerleşişi taýdan ABŞ-y üçin strategik ähmiýete eýe.
Sebäbi oba, 2003-nji ýyldan bäri ABŞ-nyň goşuny tarapyndan ulanylýan Aýn Al Esed harby bazasyndan birnäçe kilometr uzaklykda ýerleşýär.
Aýn Al Esed harby bazada 320 sany amerikan esgeri iş alyp barýar. Olar YSYS-a garşy göreşýän Yrakly esgerlere harby taýdan tälim berýär.
25-e golaý terrorçynyň harby baza hüjüm guranlygy habar berildi.
Yragyň Ýaragly güýçleri we Amerikanyň Goranmak ministirligi Pentagon, harby baza hüjüm guran terrorçylary yzyna serpikdirendiklerini habar berdiler.
Beýanatda terrorçylaryň esasy böleginiň öldürilendigi we sebitde howpsuzlygyň ýola goýulandygy habar berildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar