Gämi pajygasynda 100 adam öldi

Demokratik Kongo Respublikasynda kit awlaýan gämi batdy

216747
Gämi pajygasynda 100 adam öldi

Kongo derýasynda ýolagçy gatnatmak üçin ullanylan bir aw gämisiniň ýanmagy sebäpli 100 adam öldi.
Resmileriň habar bermegine görä, ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Basoko sebitinde bolan gämi heläkçiliginde 61 adamyň suwa böküp diri galandygy habar berilýär.
Gäminiň elektrik ulgamynda başlan ýangyn gysga wagtda ähli gämä ýaýrady.
Resmiler diri galanlaryň Basoka getirilendigini we halas ediş işleriniň dowam edýändigini habar berdiler.
Ýangynyň näme sebäpli bolandygy anyk bilinmese-de, howpsuzlyk gullugy aşa ýük sebäplidir diýip çak edýär.
Ýurtda soňky 3 aýda takmynan 300 adamyň gämi heläkçiliginde ýogalandygy habar berilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar