Günorta Sudanda BMG-nyň düşelgesi bombalandy

Taraplaryň arasynda birnäçe gezek ylalaşyk gazanylandygyna garamazdan hüjümler dowam edýär

215599
Günorta Sudanda BMG-nyň düşelgesi bombalandy

Günorta Sudanda başbozarlar hökümetiň gözegçiligi astyndaky Bentiu şäherçesinde ýerleşýän BMG-nyň düşelgesini bombalady.
Taraplaryň arasynda parahatçylyk şertnamasyna gol çekişilmeginden soň şeýle hüjümiň guralmagy ünsleri özüne çekýär.
Beýleki tarapdan BMG Günorta Sudanda 2 million 500 müň adamyň gyssagly kömege mätäçdigini habar berdi.
Baý nebit känlerine eýe bolan Günorta Sudanda içerki baş-başdaklygyň öňü alnyp bilinmeýär.
Taraplaryň arasynda birnäçe gezek ylalaşyk gazanylandygyna garamazdan hüjümler dowam edýär.
Başbozarlaryň bu gezek nebit şäherçesi Bentiua guran hüjümine Goranmak ministrligi berk garşylyk görkezdi.
Prezident Salwa Kiir Maýardit bilen oppozisionerleriň serkerdesi Riek Maçhar hökümetiň gurulmagy meselesinde geçen hepde ylalaşyk gazanypdy.
Ýurduň ozalky Prezidenti Riek Maçhar 2013-nji ýylda agdarlyşyga sezewar bolupdy.
BMG tarapyndan berlen beýanatda ýurtda 2 ýyldan bäri dowam edýän söweşiň halka ruhy taýdan hem ýaramaz täsirini ýetirýändigi nygtaldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar