ÝB-den Gresiýa ilkinji sapar guraldy

Ýewropa Parlamentiniň başlygy Martin Şulz Gresiýada saparda boldy

203748
ÝB-den Gresiýa ilkinji sapar guraldy

Saýlawdan soň ÝB-den Gresiýa ilkinji sapar guraldy.
Ýewropa Parlamentiniň başlygy Martin Şulz Gresiýada geçirlen umumy saýlawda üstünlik gazanan tygşytlygyna garşy tutum alyp barýan Syriza partiýasynyň lideri Premýer ministr Aleksis Çipras bilen duşuşdy.
Şulz saýlawdan soň Gresiýa resmi sapar guran Ýewropaly ilkinji ýolbaşçy boldy.
Şulz Çipras bilen käbir ugurlar boýunça ylalaşyk gazanandyklaryny emma ara alnyp maslahatlaşylmaly ýene-de birnäçe meseläniň bardygyny aýtdy.
Martin Şulz Grek hökümetiniň maliýe çökgünlik meselesini Ýewropadaky hyzmatdaşlary bilen birlikde çözmeginiň möhümdigini belledi.
Çipras hem ÝB bilen çaknyşmagy däl eýsem ykdysady çökgünligi birlikde ýeňip geçmegi maksat edinýändiklerini aýtdy.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar