Demirgazyk Koreýadan ABŞ-na ýadro teklibi

"Waşington Günorta Koreýa bilen geçirjek harby türgenleşigini wagtlaýyn saklasa biz hem ýadro synaglarymyzy wagtlaýyn bes ederis”

185177
Demirgazyk Koreýadan ABŞ-na ýadro teklibi

Demirgazyk Koreýa, ABŞ-nyň Günorta Koreýa bilen geçirjek harby türgenleşiginden ýüz öwüren halatynda ýadro synaglaryny bes etjekdigini habar berdi.
Demirgazyk Koreýanyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekiliniň orunbasary An Miýong Hun ýadro synaglary barada “Waşington Günorta Koreýa bilen geçirjek harby türgenleşigini wagtlaýyn saklasa biz hem ýadro synaglarymyzy wagtlaýyn bes ederis”diýdi.
Bu teklibiň kabul edilmeginiň sebitde oňyn atmosfera emele getirjekdigini aýdan Demirgazyk koreýaly buýrokrat, ret edilen halatynda bolsa “hemme zat bolup biler” diýip hemle atdy.
An Miýon Hun özleriniň sebitde söweş ähtimallygyny ortadan aýyrmaga çalyşýandyklaryny belledi.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar