Litwa Ýewro giňişliginiň 19-njy agzasy

Litwa Ýewro giňişligine agzalyk bilen birlikde maýa goýumlaryň we söwda mukdarynyň ýokarlamagyna garaşýar

168131
Litwa Ýewro giňişliginiň 19-njy agzasy

Litwa täze ýyl bilen birlikde ýurduň Ýewro giňişligine agzalygyny gutlady.
Baltikada ýerleşýän Litwa Ýewro giňişliginiň 19-njy agzasy boldy.
Paýtagt Wilniusda täze ýyl bilen birlikde agzalygy dabaraly ýagdaýda gutlan raýatlar banklardan hem ilkinji ýewro pul birliklerini aldylar.
Litwa Ýewro giňişligine agzalyk bilen birlikde maýa goýumlaryň we söwda mukdarynyň ýokarlamagyna garaşýar.
Ykdysadyýetiň kadaly ýagdaýa gelmegi bilen şäheriň we obalaryň boşalmagyna sebäp bolan göç tolkunynyň bes edilmegine garaşylýar.
Litwada 2008-2011-nji ýyllarda başdan geçirlen ykdysady çökgünlik sebäpli 80 müň adam ýagny halkyň 3 göterimi ÝB-ne agza ýurtlara göçüpdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar