NATO-nyň Owganystandaky iş möhledi tamamlandy

NATO güýçleriniň Owganystandaky iş möhledi paýtagt Kabulda geçirlen dabara bilen düýn resmi taýdan tamamlandy

164501
 NATO-nyň Owganystandaky iş möhledi tamamlandy

NATO-nyň Owganystandaky 13 ýyllyk iş möhledi tamamlandy.
ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky NATO güýçleriniň Owganystandaky iş möhledi paýtagt Kabulda geçirlen dabara bilen düýn resmi taýdan tamamlandy.
13 ýyl ozal 57 ýurduň gatnaşmagynda başlan Halkara howpsyzlyk we goldaw güýji İSAF täze ýyl bilen birlikde “Durnukly goldaw” güýjüne öwrüler.
Şol çäkde 11 müňi Amerikaly bolmak bilen daşary ýurtly jemi 13 müň 500 esger owgan güýçlerine harby taýdan tälim we goldaw berer.
Ýurduň howpsyzlygyndan owgan güýçleri jogapkär bolar we amerikaly esgerler diňe howa goldawyny berer.
Amerikaly esgerler özboluşly ýagdaýlardan daşary terrorçylyga garşy göreş operasiýalaryna gatnaşmaz.
NATO-nyň ýolbaşçylary Owganystanda üstünlik gazanandyklaryny beýan edýar.
Emma owgan hünarmenler Halkara howpsyzlyk we goldaw güýjiniň üstünlik gazanyp bilmändigini nygtaýar.
2014-nji ýylyň ýanwaryndan aýyndan noýabr aýynyň ahyryna çenli ýogalan asuda ilatyň sany 3200 adama çenli baryp ýetdi.
Owgan howpsyzlyk güýçleri hem şol döwürde 4600 esgerini ýitirdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar