Britaniýada şalygyň howpsyzlyk polky üçin terror duýduryşy

Esgerleriň howpsyzlyklarynyň üpjün edilmegi üçin goşmaça çäreler görüldi

163552
Britaniýada şalygyň howpsyzlyk polky üçin terror duýduryşy

“Mail on Sundaý” we “Sundaý Mirror” gazetleriniň şu günki sanlarynda birinji sahypadan beren habarda guralmagy ähtimal terror hüjümi sebäpli şalyga degişli köşkleriň ýa-da binalaryň öňünde nobatda durýan goragçy polkyň esgerleriniň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi üçin goşmaça çäreleriň görülendigi nygtalýar.
Şoňa laýyklykda esgerleriň köşkleriň howlularynyň has içerki bölümlerinde ornaşdyrylmagyna, gözenekleriň aňyrsynda nobata durmaklaryna ýa-da ýanlarynda terrorçylyga garşy göreş polisleriniň durmagy barada karar berildi.
Goragçy esgerlerin zamun alynmagyna ýa-da öldürilmegine alada bildirilýändigini habar berýän gazetler, şaglyga degişli “Saint Jeýms Köşkünde” we “Klirens Hausda” esgerleriň gözenekleriň aňyrsynda nobata durmaga başlandyklaryny, halka açyk bolan syýahatçylyk ýerlerinde bolsa ýaragly terrorçylyga garşy göreş polisleriniň esgerleriň ýanyna ornaşdyrylmandygyny habar berýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar