Ysraýyla 1 milliard 800 million dollarlyk ýarag berler

Obama Ysraýyl bilen edýän gatnaşyklaryny has-da güýçlendirjek kanuny tassyklady

153947
Ysraýyla 1 milliard 800 million dollarlyk ýarag berler

ABŞ Ysraýyl bilen edýän gatnaşyklaryny güýçlendirer.
ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama Ysraýyl bilen edýän gatnaşyklaryny has-da güýçlendirjek kanuny tassyklady.
Kanun goranyş we howpsyzlyk taýdan iki ýurduň ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegini göz öňünde tutýar.
Barak Obama kanunyň iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň ýokarlandyrylmagy we ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi taýdan hem möhümdigini belledi.
Kanuna laýyklykda Ysraýyla berilýän 200 million dollarlyk gyssagly ýarag kömeginiň mukdary 9 esse ýokarlandyrlar we 1 milliard 800 million dollara çykarlar.
Mundan başgada iki ýurduň arasynda energetika, suw, milli howpsyzlyk we kiber howpsyzlyk ýaly ugurlarda edilýän hyzmatdaşlyklar güýçlendirler.
Amerikanyň hökümeti kanun bilen Ysraýylyň goňşylaryna garşy harby üstünligini dowam etdirmegini kepil astyna alýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar