Owganystanda bombaly hüjüm guraldy

Owganystanda guralan bombaly hüjümde Kabulyň içeri işler bölüminiň müdiriniň kömekçisi öldürildi

186093
Owganystanda bombaly hüjüm guraldy

Kabulyň içeri işler bölüminiň müdiri general Zahir Zahir wakanyň bolan ýerinde beren beýanatynda ir ertir içeri işler müdirliginiň jaýynda öz ofisiniň golaýynda partlama bolandygyny, kömekçisiniň ýogalandygyny aýtdy.
Zahir “Derňew işleri dowam edýär. Partlamanyň kamikaze hüjümi sebäpli ýa-da ofise goýlan partlaýyjy sebäpli bolandygyny pikir edýäris. Emma anyk maglumatymyz ýok” diýdi.
Kabulyň polisiýa bölüniň adynyň tutulmagyny islemedik ýolbaşçylaryndan biri bolsa hüjümiň harby egin-eşikli kamikaze hüjümçisi tarapyndan guralandygyny aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar