ABŞ-nyň Kobani baradaky möhüm beýanaty

ABŞ-nyň goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Jon Kirbi “Kobanide ýagdaý henizem näbelli we durnuksyz. Şäheriň entegem synyp biljekdigini pikir edýäris” diýdi

165992
ABŞ-nyň Kobani baradaky möhüm beýanaty

Terror guramasy YSYS-yň şähere howp salmaga dowam edýändigini nygtan Kirbi, guramanyn Kobaniniň golaýyndaky nyşanalaryna howa hüjümleriniň dowam edýändigini ýatlatdy.
Kirbi Amerikan goşunynyň YSYS-a degişli ýerleri bombalamak bilen göreşi dowam etdirýändigini, kürt güýçlerine-de goldaw berýändiklerini nygtap, şäherde çylşyrymly we çekeleşikli ýagdaýyň bardygyna ünsi çekdi.
Kirbi “Şäheriň esasy bölegi kürt güýçleriniň gözegçiligi astynda” diýdi.
ABŞ-nyň ýekşenbe gijesi uçarlar bilen taşlan kömeginiň YSYS-yň eline geçendigi baradada bolsa, meseläniň öwrenilýändigini aýtdy.
Jon Kirbi Yraga we Siriýa guralýan operasiýalarda gazanylan üstünligiň kanagatlandyryjy bolmandygyny we öwrülşik nokadyna haçan ýetiljekdigini takmyn etmegiň kyndygyny aýtdy.
Beýleki tarapdan Azat Siriýa Goşuny özlerine kömek bermeýän ABŞ-nyň kürt toparlaryna ýarag bermegine nägilelik bildirdi.
Siriýanyň beýleki etraplarynyň ählisinde dürli jenaýatlary edýän hökümete garşy 3,5 ýyldan gowrak wagt bäri göreşýänlere kömek berilmezligi Azat Siriýa Goşuny tarapyndan berk ýazgaryldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar