"Soňky bir ýyl BMG-nyň gymmatlyklary taýdan betbagtçylyk ýyly"

Mun BMG-nyň 69-njy Sessiýasynyň açylyş dabarasynda söz sözledi

137770
 "Soňky bir ýyl BMG-nyň gymmatlyklary taýdan betbagtçylyk ýyly"

Ban “YDYD guramasy howpuna halkara derejesinde garşylyk görkezilmeli”diýdi.
BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun YDYD guramasynyň we beýleki terror guramalarynyň halkara parahatçylyga we howpsuzlyga howp salýandygyny ýatladyp, şol howpa garşy halkara derejesinde berk tutumyň alnyp barylmalydygyny belledi.
Pan Gi Mun BMG-nyň 69-njy Sessiýasynyň açylyş dabarasynda sözlän sözünde geçen ýylyň sentýabr aýyndan bäri BMG-nyň gün tertibinde esasy orun eýelän we çözgüt gözlenen global meseleler barasynda garaýyş beýan etdi.
Pan Gi Mun “Soňky bir ýyl BMG-nyň gymmatlyklary taýdan betbagtçylyk ýylydy” diýip belledi.
Arap Baharynyň diýseň çylşyrymly we dartgynly ýagdaýa gelendigini aýdan Pan Gi Mun, Siriýada we Yrakda wagşyçylygyň dowam edýändigine ünsi ekdi.
Çykyşynda Günbatar Afrikada iki müňden gowrak adamyň ýogalmagyna sebäp bolan Ebola wirusy barada hem durup geçen Mun wirusa garşy göreşilmelidigini ýatlatdy.
Pan Gi Mun çykyşynda klimat çalşygy meselesi barada hem durup geçdi we şu gün çäre görülmän halatynda ertir has uly jerimeleriň tölenjekdigi duýduryşyny berdi


Etiketkalar:

Degişli Habarlar