Ynsanperwer kömek kerweni Ukraina girdi

Daşary işler ministrligi wakany “Ukraina göniden hüjüm” hökmünde häsiýetlendirdi

100658
Ynsanperwer kömek kerweni Ukraina girdi

Russiýanyň ynsanperwer kömek kerweni Ukraina girdi.
Russiýanyň ynsanperwer kömek kerweni Moskwa bilen Kiýewiň arasynda 12 gün dowam eden resmi hat alyşmalardan soň Ukraina girdi.
Kerweniň ilkinji konteýnerleri Lugansk şäherine bardy.
Resmi Kiýewiň ynsanperwer kömek kerweni meselesinde özlerini güýmeýändigini öňe süren Russiýa kerweniň girmegine bir taraply ýagdaýda karar berdi.
Karara Ukraina nägilelik bildirdi.
Daşary işler ministrligi wakany “Ukraina göniden hüjüm” hökmünde häsiýetlendirdi.
Konteýnerleriň ýurda girmegine rugsat berilmändigi, kerweniň serhedi bozandygy nygtaldy.
Resmi Kiýew başdan geçirlen wakalar sebäpli Moskwany günäkärledi. Halkara jemgyýetçiligine Russiýanyň bikanun hereketleriniň ýazgarylmagy çagyryşyny berdi.
Ynsanperwer kömek kerwenine Halkara Gyzylhaç komiteti ýoldaşlyk edip bilmedi.
Komitet tarapyndan berlen beýanatda Luganskyň yzygiderli bombalanýandygy üçin ynsanperwer kömek kerwenine ýoldaşlyk edip bilmändikleri nygtaldy.
Konteýnerlere seperatist toparlaryň ýoldaşlyk edendigi bellenildi.
Waka ÝB garşylyk görkezdi.
ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan jogapkär ýokary wekili Ketrin Eştyn kerweniň Ukraina girmeginiň kanunlara bap gelmeýändigini aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar