ÝB Yrak we Ukraina üçin jemlenişýär

ÝB-ne agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri ertir adatdan daşary ýagdaýda jemlenşer

90843
ÝB Yrak we Ukraina üçin jemlenişýär


ÝB-ne agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we howpsuzlykdan jogapkär wekili Ketrin Eştynyň çakylygyna laýyklykda Yrak we Ukraina krizisini ara alyp maslahatlaşmak üçin ertir adatdan daşary ýagdaýda jemlenşer.
Brýusselde geçiriljek maslahatda Yrak Damask Yslam Döwleti guramasynyň asuda ilata garşy guraýan hüjümleri we Ukrainanyň gündogarynda başdan geçirilýän wakalar bilen Russiýanyň Ukrainanyň gündogaryna ugradan ynsanperwer kömegi bilen bagly meselelere garalar.
Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň ÝB-ne harby taýdan kömek berilmegi üçin ýüz tutandygy sebäpli Fransiýa ýarag kömeginiň berilmegi barada karar kabul edipdi, emma bilelelige agza beýleki ýurtlaryň şeýle karar kabul etmegine garaşylmaýar.
ÝB-ne agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri şeýle hem Gazadaky we Liwiýadaky wakalary ara alyp maslahatlaşar.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar