Obama Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

İki lider Ukraina we Russiýa sanksiýa goýulmagy hakyndaky kararlar babatynda pikir alyşdy

133403
Obama Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
İki lider Ukraina we Russiýa sanksiýa goýulmagy hakyndaky kararlar babatynda pikir alyşdy.
Ak Tamdan berlen beýanatda Obamanyň Putine Ukrainadaky aýralykçy güýçlere Russiýanyň agyr ýaraglar berýändigi hakynda subutnamanyň bardygyny aýdandygy nygtaldy.
Obama rus kardeşine ýurtdaky dartgynlygyň gowşamagy üçin anyk tagalla etmän halatynda goşmaça sanskiýalaryň goýuljakdygyny aýtdy.
Beýanatda Obamanyň Ukraina serhedinde rus esgerleriniň sanynyň köpelmegine hem alada bildirýändigi bellenildi.
Barak Obama Putinden ot açyşlygyň bes edilmegi üçin aýralykçy toparlara basyş etmegini, gepleşik üçin kesgitlenen ýol meýilnamasyna goldaw bermegini we Ukraina ýarag daşalmagy işleriniň saklanmagyny isledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar