Ysraýylyň Gaza sektoryna guraýan hüjümleri 10-njy gününde…

Hüjümleriň dowamynda esasy köpçüligi asuda ilatdan 220 palestinaly ýogaldy, 500-den gowrak adam bolsa ýaralandy

132346
Ysraýylyň Gaza sektoryna guraýan hüjümleri 10-njy gününde…

Mundan ozal kasset bombalaryny ulanandygy sebäpli ýazgarylan Ysraýyl, indi bolsa pudra bombasy bilen asuda ilaty gyrýar.
Täsiri güýçli bolan pudra bombalary sebäpli emele gelen ýaralaryň bejergisi tas mümkin däl.
Dykyzlaşdyrylan metal düzümli partlaýyjy manysyny aňladýan pudra bombalarynyň asuda ilata garşy ulanylmagy harby jenaýat hasaplanylýar.
Palestinada çekilýän adam pidalary günsaýyn artýar.
Ysraýylyň deňiz flodunyň Gazanyň deňiz kenarlaryna guran howa hüjüminde futbol oýnaýan çagalar nyşana alyndy. Hüjümde 4 çaga ýogaldy.
Beýleki tarapdan Ysraýyl BMG-nyň islegine laýyklykda Gaza guraýan hüjümlerini ynsanperwer sebäplerden 5 sagat möhlet bilen bes etdi.
Hamas hem BMG-nyň “5 sagatlyk ylalaşyk” teklibi kabul edýändigini habar berdi.
Hüjümleriň şu gün sagat 10-15 aralygynda bes ediljekdigi yglan edildi.
Ysraýylly ýolbaşçylaryň şol sagatlaryň aralygynda gazaly raýatlaryň gerek bolan harytlaryny alyp biljekdigini aýdandygy nygtalýar.
Ysraýyl beýleki tarapdan bolsa guralmagy ähtimal guryýer operasiýasy üçin taýarlyk görýär.
Mundan ozal çagyrylan 40 müň esgere goşmaça ýene-de 8 müň ätiýaçdaky ofiser gulluga çagyryldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar