Ukrainada Prezident saýlawlaryndan soň çaknyşyklar möwjeýär

Çaknyşyklaryň esasy merkezi hasaplanylýan Donetskde hassahanalaryň morglary jesetden doldy

75540
Ukrainada Prezident saýlawlaryndan soň çaknyşyklar möwjeýär

Russiýanyň tarapynda durýan aýralykçylar ölenleriň sanynyň 100 adama ýetendigini habar berdi.
Täze Prezidenti Petr Poroşenkonyň aýralykçylara garşy erjelliginiň çaknyşyklaryň möwjemegine sebäp bolýandygy nygtalýar.
ABŞ we ÝB saýlawdan son Prezident Poroşenko güýçli goldaw berdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama hem Ukrainanyň Prezidentine telefon arkaly goldawyny beýan etdi.
Obama geljek hepde Ýewropa gurajak saparynyň dowamynda Ukrainanyň lideri bilen duşuşar.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bolsa Ukraina meselesini 5-nji iýunda Parižde Fransiýanyň Prezidenti Fransua Oland bilen ara alyp maslahatlaşar.
Russiýa Ukraina serhedindäki esgerlerini yzyna çekjekdigini beýan edipdi.
NATO bolsa bu barasynda ünsi çekiji beýanat berildi.
NATO Ukraina serhedinden müňlerçe rus esgeriniň yza çekilendigini, emma on müňlerçesiniň henizem serhetdedigini nygtady.
Duşenbe gününden bäri habar alynyp bilinmeýän ÝHHG-nyň synçylarynyň rus tarapdarlary tarapyndan zamun alynandygy, häzirki wagtda ýagdaýlarynyň gowudygy habar berildi.
Diplomatik çeşmeler zamun alynan 4 synçynyň Daniýanyň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň we Estoniýanyň raýatlarydygyny beýan edýär.
Beýleki tarapdan Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrow çeçenlerin Ukrainada rus tarapdarlary bilen bilelikde ukrainlere garşy söweşýändigi barasyndaky habarlaryň nädogrudygyny aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar