500-nji Baýraktar TB2 Öndürildi

Baýraktar TB ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň eksport edilmegi üçin häzire çenli 30 ýrut bilen şertnama baglaşyldy.

2003806
500-nji Baýraktar TB2 Öndürildi
bayraktar tb2 500.jpg
bayraktar tb2 500-1.jpg

Dünýäde birnäçe ýurda eksport edilen, Türkiýäniň ilkinji milli ýaragly uçarmansyz howa ulagy Baýraktar TB2-niň 500-njisiniň öndürlendigi habar berildi.

Baýkar firmasyndan berlen beýannama görä, şu günki güne çenli önümçiligi tamamlanan we ulanylmaga berlen 80 sany uçarmansyz howa ulagy bilen birlikde öndürlen Baýraktar TB2 milli ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň sany 580-e ýetdi.

Baýkar firmasynyň Dolanşyk geňeşiniň başlygy we tehnalogiýa lideri Selçuk Baýraktar, birnäçe ýurda eksport edilen we dünýäniň iň gowularyndan biri bolan Türkiýäniň ilkinji milli ýaragly uçarmansyz howa ulagy Baýraktar TB2-niň önümçiligine goşant goşan Baýkar toparyna sagbolsun aýtdy.

Baýraktar TB2 halka ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin tebigy apatyň başdan geçirlen sebitlerinde hem ulanylýar.

Baýraktar TB ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň eksport edilmegi üçin häzire çenli 30 ýrut bilen şertnama baglaşyldy.



Degişli Habarlar