Gazna we maliýe ministri Belgiýa gitdi
Türkiyäniň Gazna we Maliýe ministri Mehmet Şimşek Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherine gitdi
Gazna we Maliýe ministri Mehmet Şimşek Belgiýa gurajak saparynyň çäginde ikiçäk duşuşyklar geçirer, "Türkiye: Ýewropanyň ekosistemasynda ösmek" çäresine gatnaşar.
Mehmet Şimşek ÝB Komissiýasynyň Ykdysadyýetden jogapkär agzasy Paolo Jentiloni, ÝB Komissiýasynyň Içerki bazardan jogapkär komissary Terri Breton we ÝB Komissiýasynyň Maliýa hyzmatlary, Maliýe durnuklulyk we Maýa bazarlary birleşiginden jogapkär agzasy Meýrid MakGinness bilen duşuşyklar geçirer.
Gazna we Maliýe ministri Mehmet Şimşek saparynyň çäginde Brýusseliň tanymal analitik guramalaryndan Bruegelde geçiriljek "Türkiye: Ýewropanyň ekosistemasynda ösmek" çäresine gatnaşyp, ol ýerde çykyş eder.
Degişli Habarlar
Türkiyäniň ary bal eksporty artdy
Türkiyäniň ary bal eksporty ýylyň ilkinji 6 aýynda 17,2 million dollardan geçdi
Hoşboý Ys Pudagynyň Eksporty 113 Million Dollara Barabar Boldy
Türkiýe lawr ýapragy we käkilik oty eksportunda dünýäde birinji orny eýeleýär