Russiýanyň kazyýeti “Volkswagen” kärhanasynyň Russiýadaky ähli emläklerini doňdurdy

Kärhananyň satuw işleri 2021-nji ýylda 2020-nji ýyla garanyňda 80 göterim peselipdi

1962510
Russiýanyň kazyýeti “Volkswagen” kärhanasynyň Russiýadaky ähli emläklerini doňdurdy

Merkezi Russiýada ýerleşýän awtoulag öndürijisi GAZ kärhanasy, Volkswagen Group (VW) kärhanasynyň 2022-nji ýylyň awgust aýynda hyzmatdaşlygyny bes etmeginden soň nemes awtoulag öndürijisine garşy kazyýet işini gozgady. 

Russiýanyň Kommersant gazedi tarapyndan berilen habara görä, GAZ kärhanasy hyzmatdaşlygyň bes edilmegi bilen 15,6 milliard rubl (takmynan 190 million ýewro) zyýan çekipdi. Kazyýet işine garaýan Russiýanyň kazyýeti hem 17-nji martda GAZ kärhanasynyň peýdasyna karar kabul edip, Russiýadaky “Volkswagen” kärhanasynyň ähli emläklerini doňdurdy. 

“Volkswagen” kärhanasy Günbatar ýurtlaryň Moskwa garşy sanksiýalar kabul etmeginden soň Russiýadaky işlerini doňdurypdy. GAZ kärhanasy ozal Nižniý-Nowgorod şäherindäki fabriginde “Volkswagen” kärhanasy üçin awtoulag öndüripdi. 

Beýleki tarapdan bolsa “Volkswagen” kärhanasy Moskwanyň günortasyndaky ýyllyk 225 müň ulag önümçiligine eýe Kalugadaky fabrigini satmaga synanyşýardy. Fabrikde önümçilik 2022-nji ýylyň mart aýynda duruzylypdy. 

“Volkswagen” kärhanasy geçen ýyl Russiýada takmynan 42 müň awtoulag we 1 müň 500 beýleki ulaglary satypdy. Kärhananyň satuw işleri 2021-nji ýylda 2020-nji ýyla garanyňda 80 göterim peselipdi. 


Etiketkalar: #fabrik , #GAZ , #kärhana , #Volkswagen

Degişli Habarlar