26 Ýurda 2 Müň 102 Tonna Ançous Balygy Eksport Edildi

Ançous eksportundan 11 million 137 müň 463 dollarlyk girdeji gazanyldy.

1931236
26 Ýurda 2 Müň 102 Tonna Ançous Balygy Eksport Edildi

Türkiýeden geçen ýyl 26 ýurda 11 million 137 müň 463 dollarlyk ançous balygy eksport edildi.

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginden berlen beýannama görä, 2022-nji ýylda 2 müň 102 tonna ançous balygy eksport edildi

Ançous eksportundan 11 million 137 müň 463 dollarlyk girdeji gazanyldy.

Fransiýa, Belgiýa we ABŞ ançous eksportunda esasy orun eýeledi.

Geçen ýyl Fransiýa 4 million 435 müň 719, Belgiýa 3 million 626 müň 812, ABŞ-na bolsa 905 müň 128 dollarlyk ançous balygy eksport edildi.

Geçen ýyl Gazagystana, Siriýa we Keniýa hem ilkinji gezek ançous balygy eksport edildi.

 


Etiketkalar: #girdeji , #eksport , #ançous

Degişli Habarlar