THÝ ýylyň ilkinji 10 aýynda 60,5 million ýolagça hyzmat berdi

Türk Howa ýollary kärhanasy ýylyň ilkinji 10 aýynda 60,5 million ýolagça hyzmat berdi

1904403
THÝ ýylyň ilkinji 10 aýynda 60,5 million ýolagça hyzmat berdi

THÝ-nyň oktýabr aýyna degişli howa hereketiniň netijelerini Köpçülikleýin maglumat platformasynda aýan etdi. 

Oktýabr aýyndaky teklip edilen orun göwrümini, koronawirus epidemiýasyndan ozalky döwri aňladýan 2019-njy ýylyň oktýabr aýy bilen deňeşdirilende 8 göterim artdyran THÝ, 85,2 göterimlik dolulyk görkezijisi bilen 6,6 million ýolagça hyzmat berdi.

Geçen aýyň gutarnykly netijesiniň aýan edilmegi bilen bolsa THÝ-nyň ýylyň ilkinji 10 aýynda hyzmat beren ýolagçylarynyň sany 60,5 million adama ýetdi. 


Etiketkalar: #oktýabr , #ýolagçy , #THÝ

Degişli Habarlar