Söwda ministri maý aýynyň eksport görkezijileri barada beýanat berdi

Türkiýäniň Söwda ministri Mehmet Muş, ähli wagtlaryň maý aýynyň iň ýokary eksportyny amala aşyrandyklaryny habar berdi

1836589
Söwda ministri maý aýynyň eksport görkezijileri barada beýanat berdi

Türkiýäniň Söwda ministri Mehmet Muş, maý aýynyň daşary söwda görkezijileri bilen bagly geçiren metbugat ýygnagynda, Türkiýäniň eskportda 2021-nji ýylda uly üstünlik gazanandygyny habar berdi. 

Türkiýäniň şu ýylyň ilkinji 5 aýynda hem eksportdaky güýçli öndürijiligini dowam etdirendigini aýdan Mehmet Muş: "Maý aýynda eksportymyz geçen ýylyň maý aýynda garanyňda 15,2 göterim artyp, 19 milliard dollara ýetdi. Bu bolsa ähli wagtlaryň maý aýlarynyň iň ýokary görkezijisidir. Şeýlelik bilen 2022-nji ýylyň ilkinji 5 aýynda aýlyk görkezijiler boýunça iň ýokary eksport sepgidine ýetilip, ilkinji 5 aýda rekord goýuldy" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar