Fuat Oktaý: “Türkiýä goýulan maýalar 12,6 göterim artdy”

Fuat Oktaý, TBMM-nyň Plan we býujet komissiýasynda Prezidentligiň 2020-nji ýyldaky býujeti bilen bagly maglumat berdi

1314778
Fuat Oktaý: “Türkiýä goýulan maýalar 12,6 göterim artdy”

Wise-prezident Fuat Oktaý, 2018-nji ýylda dünýäde gönüden maýa goýumlaryň 13 göterim azalmagyna garamazdan Türkiýä goýulan maýalaryň 12,6 göterim artandygyny habar berdi.

Maýa goýum ofisiniň, ýurda 2018-nji ýylda 518 million 750 müň dollar maýa goýulmagyny üpjün edendigini aýdan Oktaý, şol çäkde 1106 adamyň iş bilen üpjün edilendigini habar berdi.

Oktaý: “2002-nji ýylda 66 bolan goranyş senagaty taslamasy, şu ýyl 700-e golaýlady” diýip beýan etdi.



Degişli Habarlar