Fatih gämisi gysga wagtda burawlaýyş işlerine başlar

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez metbugata beýanat berdi

1301493
Fatih gämisi gysga wagtda burawlaýyş işlerine başlar

 

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, Fatih gämisiniň gysga wagtda burawlaýyş işlerine başlajakdygyny aýtdy.

Ministr Dönmez paýtagt Ankarada geçirlen 12-nji Halkara energetika kongresiniň we sergisiniň açylyş dabarasynda eden çykyşyndan soň metbugata beýanat berdi.

Oruç Reis we Barbaros Haýrettin Paşa gämileriniň 2-ni we 3-nji derejeli seýismiki gözleg işlerini dowam etdirýändigini aýdan Dönmez “ Burawlaýyş işleri hem dowam edýär. Ýawuz burawlaýyş gämisi Güzelýurtda birnäçe hepde ozal burawlaýyş işlerine başlady. Fatih burawlaýyş gämisi hem Finikede burawlaýyş işlerini tamamlady we Mersin Taşuju portuna geldi. Birnäçe hepde soň DKTR-da burawlaýyş işlerine başlar” diýdi.

 



Degişli Habarlar