Türkiýäniň pomidor eksporty 13 göterim artyp 98 million dollara barabar boldy

Pomidor eksportunda 40 millioon dollar bilen Russiýa birinji orny eýeledi

1166581
Türkiýäniň pomidor eksporty 13 göterim artyp 98 million dollara barabar boldy

Türkiýäniň pomidor eksporty täze ýyldan bäri geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 13 göterim artyp 98 million dollara barabar boldy.

Türkiýe, Egeý eksportçylar bileleşiginiň görkezijilerine görä, geçen ýyl 53 ýurda 292 million dollarlyk pomidor eksport etdi.

Pomidor eksporty 2019-njy ýylyň ýanwar aýynyň 1-i bilen mart aýynyň 18-i aralygynda, geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 13 göterim artyp 98 million dollara barabar boldy.

Geçen ýylyň degişli döwründe bolsa 86,5 million dollarlyk pomidor eksport edilipdi.

Pomidor eksportunda 40 millioon dollar bilen Russiýa birinji orny eýeledi.

Ruminiýa 13,5 million dollar bilen ikinji orny, 7,3 million dollar bilen Bolgariýa üçünji orny eýeledi.

 


Etiketkalar: #pomidor , #eksport , #Russiýa

Degişli Habarlar