Gazprom Türk Akymy taslamasynyň çäginde 520 km. turba çekdi

Russiýanyň açyk paýdarlar jemgyýeti Gazprom Türk Akymy taslamasynyň iki ugrunda jemi 520 kilometre barabar turba geçirijisini çekdi

854131
Gazprom Türk Akymy taslamasynyň çäginde 520 km. turba çekdi

Gazpromdan berilen beýannamada 7-nji maýdan bäri Russiýadan başlap Gara deňiziň üsti bilen Türkiýe ýetirilmegi meýilleşdirilýän tebigy gaz göterijisiniň iki ugrunda jemi 520 kilometrlik turba geçirijiniň çekilendigi mälim edildi.

Beýannamada: “Häzirki wagtda işler dowam edýär. Türk Akymy gaz akdyrylýan ugurlaryň artdyrylmagyna şert döretjek we Ýewropanyň energiýa howpsyzlygynyň berkidilmegini üpjün eder” diýilýär.



Degişli Habarlar