Türk zeýtun ýagy Ýaponiýada tanyşdyryldy

Türkiýe 2013-2014-nji ýyllar aralygynda Ýaponiýa 13 million 768 müň dollarlyk zeýtun ýagyny eksport etdi

449946
Türk zeýtun ýagy Ýaponiýada tanyşdyryldy

Zeýtun we zeýtun ýagy tanyşdyryş komitedi türk zeýtunlaryny we zeýtun ýagyny tanyşdyrmak we eksport bazarlaryny artdyrmak maksady bilen alyp barýan işleriniň arasyna Ýaponiýany hem goşdy.

Izmir eksportçylar bileleşigi tarapyndan berilen beýanata görä 8-11-nji mart aralygynda Ýaponiýanyň Çiba şäherinde 41-nji gezek geçirilýän Fudeks Ýaponiýa 2016 sergisine türk zeýtun ýagynyň stendi açyldy.

Stentde Zeýtun we zeýtun ýagy tanyşdyryş komitedi tarapyndan gelen myhmanlara Türkiýede öndürilen zeýtuny we zeýtun ýaglaryny hödürledi.

Zeýtun we zeýtun ýagy tanyşdyryş komitedi ýerine ýetirjiler geňeşiniň başlygy Aýku Eker Türkiýäniň 2013-2014-nji ýyllar aralygynda Ýaponiýa 13 million 768 müň dollarlyk zeýtun ýagyny eksport edendigini mälim etdi.



Degişli Habarlar