Afrikanyň bereketli ýerleri türk telekeçikerine kireýine berildi

Afrikanyň bereketli ýerleri 99 ýyllygyna türk telekeçikerine kireýine berildi

66769
Afrikanyň bereketli ýerleri türk telekeçikerine kireýine berildi

Türkiýe taryhynda ilkinji gezek döwlet we hususy pudagyň hyzmatdaşlyk etmeginde Sudandan 99 ýyllygyna ekerançylyk meýdanlaryny kireýine aldy
Gazanylan ylalaşyga laýyklykda Sudandaky 780 müň gekdarlyk ýerde türk maýadarlary tropikal miweler bilen birlikde köp sanly önüm öndürer.

Ananas, mango, awakado, pepino, žambu, kanola, pagta we ýagly tohum ýaly önümler indi Türkiýä has arzan bahadan geler.

Sudanyň baý topraklara eýedigini aýdan Sudanyň Türkiýedäki ilçisi Osman Eldirdyeri öndüriljek önümlerin beýleki Ýewropa ýurtlaryna-da eksport edilip bilinjekdigini, Sudanyň bolsa taslamadan maliýe taýdan girdeji aljakdygyny nygtady.

Taslamanyň birinji tapgyrynda 12500 gekdarda synag fermer hojalygy gurlar.

Ekerançylyk meýdanlarynda işlejek sudanlylar üçin şol fermer hojalygynda oba hojalyk we maldarçylk boýunça tälim beriler.

Ekerançylyk bilen birlikde maldarçylyk we balyk hojalygynda-da hyzmatdaşlyk ediler.

İki ýurduň merkezi banklarynyň arasynda gazanyljak ylalaşyk bilen pul syýasaty boýunça-da hyzmatdaşlyk ediler.

Afrikada Türkiýe tarapyndan öndüriljek önümleriň Ýewropadan daşgary Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlaryna-da satylmagy meýilleşdirilýär.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar