Ankarada Bütindünýä Welosiped güni mynasybetli çäre geçirildi

ANKARA ŞÄHERINDE BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI ÇÄRE GEÇIRILDI

1213253
Ankarada Bütindünýä Welosiped güni mynasybetli çäre geçirildi
1.jpeg

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji aprelinde bolan 72-nji mejlisinde Çuňňur Hormatlanýan Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen “Bütindünýä welosiped güni” atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli 2019-njy ýylyň 

3-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy we Bütindünýä Saglyk Guramasynyň (BDS) Türkiýedäki merkezi bilen bilelikde Ankara şäherinde ýerleşýän Eýmir kölüniň kenarynda welosiped ýörişiniň geçirildi

Köpçülikleýin welosiped ýörişine Ankara şäherinde bilim alýan türkmen talyplary, Ankara şäherinde ýerleşýän käbir Ilçihanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, TRT döwlet teleýaýlymynyň hem-de Anadolu Ajans köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Agzalan sport çäresi welosiped sporty bilen meşgullanmak üçin ýörite niýetlenen Eýmir kölüniň kenarynda geçirildi we onuň dowamynda jemi 12 km. ýol geçildi. Çäräniň başynda, oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň başlangyjy bilen badalga berlen sportuň birnäçe ugurlary boýunça, şol sanda welosiped ýaryşlarynyň ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýandygy barada ýetirildi.

Hususan-da, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde ýurdumyzyň teklibi bilen işlenip taýýarlanan “Bütindünýä welosiped güni” atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi bilen, mundan beýläk her senäniň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni hökmünde dabaralanýandygy bilen çärä gatnaşyjylar gutlanyldy.

Köpçülikleýin welosiped ýörişiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar munuň adamlaryň saglygyny berkitmek boýunça örän peýdaly sport çäresi bolup durýandygyny bellediler we bu çäräniň özleri üçin täsirli bolandygyny nygtadylar. Şeýle hem çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara milli türkmen tagamlary hödür edildi. 

 



Degişli Habarlar