Türkmenistanyň Prezidenti Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasyna gynanç bildirdi

Berdimuhamedow ýurtda bolup geçen, adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren suw joşguny zerarly, çuňňur gynanjyny ýollady

1077332
Türkmenistanyň Prezidenti Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasyna gynanç bildirdi

 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdalla II ýurtda bolup geçen, adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren suw joşguny zerarly, çuňňur gynanjyny ýollady. Bu heläkçilikde çagalaryň gurban bolmagy has hem gynançlydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy. (TDH)



Degişli Habarlar