Hakan Fidan kanadaly kärdeşi Melani Joli bilen duşuşyk geçirdi
Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidan düýn Kanadanyň daşary işler ministri Melani Joli bilen duşuşyk geçirdi
Türkiyäniň daşary işler ministrliginiň X sosial media platformasyndan berilen beýanatda, ministr Hakan Fidanyň kanadaly kärdeşi Melani Joli bilen paýtagt Ankara şäherinde duşuşyk geçirendigi mälim edildi.
Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä 2024-nji ýyl Türkiye bilen Kanadanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 81-nji ýyly bolmak bilen birlikde, soňky ýyllarda iki ülkäniň arasynda esasan hem maglumat tehnologiýasy, awtoulag we deňiz pudaklarynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary özgerdildi.
Takmynan 3 milliard dollar bolan Türkiye-Kanada söwda mukdarynyň, gysga möhletde 5 milliard dollar derejä ýetirilmegi maksat edinilýär.
Ilkinjisi 2019-njy ýylda Stambulda Kanada bilen bilelikde geçirilen Ykdysady we Söwda bilelikdäki komitetiniň maslahatynyň öňümizdäki döwürde ýaňadandan geçirilmegine garaşylýar.