Türkiyäniň daşary işler ministri Hytaýyň Sinszýan uýgur awtonom sebitnde saparda bolýar

Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidan 3 günlük Hytaý saparynyň soňky gününde ýurduň Urumçi we Kaşgar şäherlerine sapar guraýar

2149107
Türkiyäniň daşary işler ministri Hytaýyň Sinszýan uýgur awtonom sebitnde saparda bolýar

Daşary işler ministrligiň X sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Ministrimiz Hakan Fidan, Hytaý Halk Respublikasyndaky Sinszýan uýgur awtonom sebitiniň paýtagty Urumçi şäherinde Ýanghang metjidine we Halkara Uly bazara baryp gördi" diýip habar berildi. 

Beýanatda Hakan Fidanyň mundan başgada Sinszýan uýgur awtonom sebitiniň Komunist partiýasynyň sekretary Ma Şingrui we sebitiň häkimi Erkin Tuniýaz bilen duşuşyklar geçirendigi aýan edildi. 

Saparda uýgur türkleriniň adaty hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagy we Hytaýda abadançylyk we asudalyk içinde ýaşamaklary gün tertibe getiriler. 

Ministr Hakan Fidan Urumçu we Kaşgar şäherlerine gurajak saparyndan soň Türkiyä gaýdyp geler.  



Degişli Habarlar