“Günbatar we Ysraýyl Öz Howpsuzlyklary Üçin Dünýäni Oda Berdi”
Prezident Erdogan, “Günbatar we beýlekiler öz howpsuzlyklary üçin dünýäni oda berdi” diýdi.
Prezident R. T. Erdogan, Gazadaky zulumy legallaşdyrýanlaryň bardygyny nygtap, “Günbatar we beýlekiler öz howpsuzlyklary üçin dünýäni oda berdi” diýdi.
Prezident Erdogan, paýtagt Ankarada Sebilürreşad medeniýet we sungat merkeziniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda, Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerine garşylyk görkezdi.
Günbataryň we Ysraýylyň özleri üçin dünýäni oda berendigini nygtan Erdogan, “Ysraýylyň Gazada edýän zulumyny hem adam hukuklary, demokratiýa, azatlyk we howpsuzlyk adalgalary bilen legallaşdyrmak üçin ulanýanlar eýsem bular dälmidi? Zulumy hem legallaşdyrýanlar bar” diýdi.
Degişli Habarlar
Türkiýe uzak ýyllardan soň Damaska geňeşçi belledi
Türkiýäniň Moritaniýadaky Ilçisi Burhan Körogly Damaska geňeşçi hökmünde bellendi.
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Ankarada Saparda Boldy
Fidan bilen Blinke duşuşykda Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.